Türkmenistanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Barsagelmez nebit ýatagynda ýylyň başyndan bäri önümçiligi peselen ýa-da doly bes eden 93 sany guýy düýpli abatlanyldy we hatara goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berilýär.
Geçirilen abatlaýyş işleriniň netijesinde 75 sany guýudan goşmaça 26 müň 500 tonnadan gowrak nebit alyndy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 134 göterimine deňdir.
Saýtda habar berlişine görä, Guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleri ýylyň ahyryna çenli guýulary düýpli abatlap, dikeltmek boýunça işleri dowam etdirerler.