Turkmenportal logo
25.08.2026
1362913629
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşýandygyny nygtady. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, bu ugurda Gazagystanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtady. Gahryman Arkadag şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç sany möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygyny hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi.