Turkmenportal logo
Şu gün 14:45
584584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň finaly 7–8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler

«Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň finaly 7–8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada Tatar halkynyň bütindünýä kongresiniň ýörite taslamalar boýunça iş komitetiniň ýolbaşçysy Almaz Haliullin habar berdi — diýip, «Tatmedia» neşiri ýazýar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan geçen möwsümiň netijeleri boýunça bäsleşigiň finalyny geçirmek hukugyna eýe boldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, finaly geçirjek ýurt öňki ýylyň ýeňijisiniň doglan ýerine görä kesgitlenýär. «Tatar gyzy – 2025» diýen ada türkmenistanly Alsy Rafikowa mynasyp bolupdy. Şol bir wagtyň özünde geçen möwsümiň finaly Orenburgda geçirilipdi.

Türkmenistanda finaly geçirmek üçin taýýarlyk işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Mundan ozal Tatar halkynyň bütindünýä kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasili Şaýhraziýew iş sapary bilen Türkmenistana gelipdi. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradow bilen gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem ol final çäreleriniň geçiriljek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky meýdançany hut özi gözden geçirdi. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşyk geçirildi. Ol şäher häkimliginiň çäräni guramakda zerur goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady. 

Bäsleşigiň ýarym finaly 24-nji awgustda Kazanda başlandy we 30-njy awgusta çenli dowam eder. Oňa Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan tatar halkynyň wekilleri bolan 26 gyz gatnaşýar. Bir hepdäniň dowamynda gatnaşyjylar aň-paýhas we döredijilik bäsleşiklerinde çykyş ederler, şeýle hem durmuş we medeni taslamalaryny gorarlar. Ýarym finalyň netijesinde finala gatnaşjak 12 gyz kesgitlener. Olar Türkmenistanda baş baýrak ugrunda göreşlerini dowam etdirerler.

Bäsleşigiň direksiýasynyň başlygy Almaz Haliulliniň habar bermegine görä, şu ýylky maksatnama ilkinji gezek ýaýdan ok atmak boýunça synagy hem öz içine alýar. Onuň aýtmagyna görä, bu gatnaşyjylaryň çalasynlygyny, ünsliligini we milli ruhuny görkezýän özboluşly bäsleşikdir. 

«Tatar gyzy» bäsleşigi Tatar halkynyň bütindünýä kongresi tarapyndan geçirilýär we tatar halkynyň dilini, medeniýetini hem-de däp-dessurlaryny gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Her ýyl Russiýanyň onlarça sebitinde we daşary ýurtlarda bäsleşigiň sebitleýin saýlama tapgyrlary geçirilýär. Bu taslama tatar gyzlarynyň müňlerçesi uly höwes bilen gatnaşýar.