Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çäre «Kämil sungatyň eýesi» diýlip atlandyryldy. Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde ýaýbaňlandyrylan bu çäre Türkmenistanyň halk artisti Kiçi Geldimyradowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Kiçi Geldimyradowyň halypasy Oraz Salyr bagşy bolupdyr. 1918-nji ýylda Berdi Kerbabaýew Tejende çagalar öýüni açypdyr. Bagşy hem şol ýerde bolupdyr. Oraz Salyr bu çagalar öýüne kän gelýär eken. Kiçi bagşy 1911-nji ýylda Tejen etrabynyň Ýarygökje obasynda doglupdyr. Çagalyk hem-de ýetginjeklik döwründe obada çopançylyk edýär.
Bagşynyň «Owazy geldi», «Hemraýym», «Aýa meňzär», «Habarlaşalyň!», «Çykdym güller», «Ogulmeňli» ýaly aýdymlar bellidir.
Çärä bagşynyň gyzy Täzegül, gyzy Kümüşgözeliň gyzlary Aýna Aşyrowa, Bägül hem-de ogly Allamyrat Geldimyradowyň gyzy Güljahan Geldimyradowa dagy gatnaşyp, bagşy atalaryny, babalaryny ýatlap, täsirli gürrüň berdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, Kiçi bagşy özüniň gysga hem manyly ömründe türkmen halkyna ajaýyp aýdymlary miras goýup gitdi. Ol aýdymlar şu gün hem radionyň altyn hazynasynyň üsti bilen halka ýetirilip dur. Kiçi Geldimyradow köp belli halypalar bilen bile işleşipdir. Olardan Mylly Täçmyradowy, Pürli Saryýewi, gyjakçylar Ata Ablyýewi, Çary Gurbanowy, Garýagdy Alyýewi görkezmek bolar. Belli dutarçylar Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Şamyrat Gurbansähedow dagy onuň ýanynda dutarda sazandarlyk edipdir.