Turkmenportal logo
Düýn 17:14
69296929
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistanda ýokary bilim alýan talyplarynyň sany boýunça öňdäki orny eýeledi  

Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistanyň raýatlary ikinji orny eýeleýärler. Goňşy ýurtda 4 884 türkmenistanly okaýar — bu dünýäniň 50-den gowrak döwletinden gelen talyplaryň arasynda Hindistandan (13 060 adam) soňra ikinji görkezijidir diýip, kun.uz ýazýar.

Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde jemi 24 647 daşary ýurtly talyp bilim alýar. Türkmenistandan başga-da, sanawyň deslapky dörtlügine Pakistan (1 165 talyp) we Gazagystan (1 129 talyp) girýär.

Daşary ýurtly talyplaryň, şol sanda türkmen talyplarynyň arasynda iň köp isleg bildirilýän ugur lukmançylyk bolup galýar — bu hünär boýunça 16 476 adam okaýar, bu bolsa daşary ýurtly talyplaryň umumy sanynyň 67 göterimine deňdir.

Daşary ýurtly talyplary iň köp kabul edýän ýokary okuw mekdepler şulardyr: Daşkent döwlet lukmançylyk uniwersiteti (4 155 adam), Samarkand döwlet lukmançylyk uniwersiteti (4 153), Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty milli barlag uniwersiteti (2 886), Buhara döwlet lukmançylyk instituty (2 178) we Özbegistanyň Milli uniwersiteti (1 917).

Daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji onlugyna Fergana jemgyýetçilik saglygy saklaýyş lukmançylyk instituty, Andijon döwlet lukmançylyk instituty, Ürgenç döwlet lukmançylyk instituty, Daşkent lukmançylyk uniwersitetiniň Termez şahamçasy we Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersiteti hem girýär.