Turkmenportal logo
Düýn 12:34
76797679
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde geçirilýän halkara media maslahatyna gatnaşýarlar

24 — 29-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär. Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan žurnalistler, media ulgamynyň bilermenleri we halkara derejeli hünärmenleri gatnaşýarlar. Giň möçberli foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Halkara çäräniň esasy bölegi Daşkent şäherinde Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasynyň merkezinde geçýär. 21-nji awgustda forumyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabaradan soňra media foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan mowzuklaýyn sergi bilen tanyşdylar.

Soňra halkara media forumy öz işine başlady. Umumy mejlisde çykyş edenler häzirki zaman resminamalaýyn filmleriň meseleleri, filmi döretmegiň esasy ugurlary we bu ugurda toplanan tejribeler barada düýpli maglumatlara esaslanýan çykyşlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Umumy mejlisde çykyş edenler media düzümleriň işinde häzirki zaman tehnologiýalaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Umumy mejlisiň ahyrynda bolsa media ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlaryna garaldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary geçirildi we Özbegistanyň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary üçin ussatlyk sapaklary guraldy.

27-nji awgustda «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forum Samarkant şäherinde dowam eder. Foruma gatnaşyjylar maksatnama laýyklykda, şäheriň taryhy-medeni mirasyna degişli ýadygärlikler toplumy bilen tanyşarlar.

28-nji awgustda bolsa halkara forumyň jemleýji umumy mejlisi geçiriler. Şeýle hem şol gün forumyň ýapylyş dabarasy bolar.