Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri 1 milliard 29 million 846 müň kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 117 göterime barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ýurdumň öňdebaryjy energetika düzümi bolmak bilen, ýyllyk kuwwatlylygy 1,5 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kämil gazturbinaly enjamlar we döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan stansiýada önümçiligiň depgini barha artýar.