Turkmenportal logo
22.08.2026
1988719887
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Petronas» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurban­geldiýew bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmat Tajuddiniň, şeýle hem «Petronas Çarigali (Turkmenistan)» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Resminama Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabatlandy. Ähtnamanyň gol çekilmegi bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm şertleri döredýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi.

Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda netijeli alyp barýan işi iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. «Petronas» kompaniýasynyň goldawy bilen türkmen ýaşlaryna Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin yzygiderli esasda talyp haklary berilýär.