Turkmenportal logo
22.08.2026
1272012720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Kids Expo sergisinde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleri tanyşdyryldy

Türkmenistanda geçirilýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sergi bölümi esasy orunlaryň birini eýeledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldýär we täze ugurlary özleşdirýär. Olaryň hatarynda AMC haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli çagalar iýmitleri hem bar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Sergide alty aýlykdan başlap hünärmenler tarapyndan maslahat berilýän, ene süýdüne goşmaça iýmit hökmünde ýa-da ene süýdüniň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda ulanmaga niýetlenen gury ýokumly garyndylar we şüleler hödürlenýär. AMC önümleriniň hataryna mikroelementlere baý tüwi şülesi, bananly tüwi şülesi, bally mannyý şülesi, şeýle hem köp däneli we ýarmaly şüleler girýär.

Önümçilik hatarlaryndaky ähli işler halkara hil standartlaryna we ekologik talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bu haryt nyşanynyň önümleri eýýäm Gazagystana, Özbegistana we beýleki birnäçe ýurtlara üstünlikli eksport edilýär. Häzirki sergi-ýarmarka bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.