Turkmenportal logo
21.08.2026
1234312343
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek Gruziýa öz önümlerini eksport etdi

Türkmenistanda keramogranit plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän ýeke-täk kärhana bolan “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti Gruziýa öz önümleriniň ilkinji tapgyryny eksport etdi. Munuň özi Günorta Kawkaz ugry boýunça täze söwda ýoluny açýar hem-de ýurduň bu ugurdaky eksportyny artdyrmak mümkinçiliklerini giňeldýär. Ýurtda bu önümleri öndürýän ýeke-täk kärhana hökmünde “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti mundan ozal esasan içki bazarda iş alyp baran bolsa, indi bu kärhana gruzin ugry boýunça önümleriň eksportyny ýola goýup, halkara bazarlaryna ulgamlaýyn çykyp başlaýar.

Kärhana tarapyndan öndürilýän keramogranit plitalaryýokary berkligi, suw geçirmezligi, durnuklylygy bilen tapawutlanýar hem-de häzirki zaman binagärlik bezeginiň ölçeglerine doly laýyk gelýär. Öndürijiniň bellemegine görä, Gruziýanyň bazaryna çykylmagy ýerli çig maldan taýýarlanan önümleriň halkara gurluşyk we binagärlik talaplaryna, şeýle hem hil we uzak möhletleýin durnuklylyk kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Mundan ozal keramogranit plitalaryny we sanfaýans önümlerini ýurdumyza import etmek uly möçberde maliýe goýumlaryny talap eden bolsa häzirki wagtda “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti bu ugurda içki zerurlyklary doly üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlaryna çykmak tapgyryny hem üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýlelikde ýerli kärhanamyz döwletimiziň ykdysady kuwwatyna uly goşant goşýar we girdejili maliýe serişdeleriniň taze çeşmesini döredýär. Bu bolsa Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň eksport güýjüni has hemartdyrmaga möhüm ädim bolup durýar.

Telefon belgileri: +(993 12) 753577, 753578
Elektron salgysy: info@ed-keramika.com