«Belet» onlaýn kinoteatrynyň ulanyjylary indi meşhur «Erbet Men» franşizasynyň täze bölümi bolan «Minýonlar we arwahlar» (Minions & Monsters, 2026) atly animasiýa komediýasyna tomaşa edip bilerler.
Multfilmiň wakalarynda minýonlar 1920-nji ýyllaryň Golliwudyna düşýärler we şol ýerde arwahlar baradaky filmiň surata düşürilişine gatnaşýarlar. Gahrymanlar gadymy jadygöýlik kitabyna eýe bolansoňlar, tötänleýin hakyky arwahlary oýandyrýarlar. Netijede, olaryň döreden bulam-bujarlygy tiz wagtda gözegçilikden çykýar.
Bu film «Minýonlar» we «Minýonlar: Grýuwitasiýa» multfilmleriniň wakalaryndan öňki döwri beýan edýän prikwel bolup durýar. Multfilmiň gahrymanlaryny Kristof Wals, Jeff Brijes, Ellison Jenni, Jessi Aýzenberg we beýleki aktýorlar seslendirdiler.