Turkmenportal logo
20.08.2026
1480014800
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen küştçüsi Mumbaýda Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medal gazandy

Türkmen küştçüsi Läle Şöh­radowa (FIDE reýtingi — 2181) 16–26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherindäki «ITC Maratha» myhmanhanasynda geçirilýän 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medal gazandy.

Läle Şöh­radowa 60 küştçiniň gatnaşan rapid ýaryşynda goşmaça görkezijiler boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ýaryşa Hindistanyň, Gazagystanyň, Maldiw adalarynyň, Nepalyň, Şri-Lankanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýedi tapgyryň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplady. Hindistanly küştçi Pratiti Bordoloi hem şeýle netije görkezdi. Altyn medalyň ykbaly goşmaça görkezijiler arkaly kesgitlenip, olaryň netijesi türkmen türgeniniň peýdasyna boldy.

Türkmen topary hem ýaryşy ynamly başlady. Rapid ýaryşynyň dört tapgyryndan soň Jahan Rejepowa ýaryşdaky alty öňdebaryjynyň hataryna girip, ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

Rapidde gazanylan altyn medal Läle Şöh­radowanyň bu çempionatdaky ikinji baýragydyr. 17-nji awgustda, ýaryşyň ilkinji gününde ol blis ýaryşynda kümüş medal gazandy. Şol ýaryşda Läle Şöh­radowa birinji başlangyç belgisi bilen çykyş etdi.

Ýaryşlar Maharaştra ştatynyň Küşt assosiasiýasy tarapyndan Bütinhindistan Küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýa Küşt federasiýasynyň (ACF) we Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilýär. Çempionatyň üç görnüşine — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça ýaryşlara — jemi 10 ýurtdan 157 türgen gatnaşýar.

Türkmenistanyň abraýyny dört küştçi — Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Leýla Şöhradowa we Läle Şöh­radowa goraýar.

Şu gün Mumbaýda Aziýa çempionatynyň esasy ýaryşy bolan nusgawy küşt boýunça bäsleşik başlandy. Ýaryş Şweýsariýa ulgamynda 9 tapgyrdan ybarat görnüşde geçirilip, 26-njy awgustda tamamlanar.

Hut nusgawy küşt boýunça ýaryşda FIDE-niň göni derejeleri ugrunda göreş alnyp barylýar. Ýaryşyň ýeňijisine zenanlaryň arasynda halkara ussady (WIM) derejesi we zenanlaryň halkara grossmeýsteri (WGM) derejesi üçin zerur bolan bal berilýär.