Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dekabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyl üçin Suw serişdeleri boýunça maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Degişli foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohamed bin Zaýed Al Nahaýyan tarapyndan çakylyk ýollandy. Çakylyk hatyny BAE-niň Aşgabatdaky ilçisi Ahmed Al Hameli duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gowşurdy.
Diplomatik wekilhananyň habarynda taraplaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ýollaryny hem ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär.
BMG-niň Suw serişdeleri boýunça maslahaty halkara bileleşiginiň ünsüni suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we gorap saklamak meselelerine çekmäge gönükdirilendir.