Türkmenistanly hünärmenler 17-nji awgustda Moskwada badalga alan «Rossotrudniçestwonyň» «Täze nesil» maksatnamasyna gatnaşyjylar — ýaş maliýe aňtaýjylary üçin niýetlenen maksatnama gatnaşýarlar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berlişi ýaly, gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen wekiller bar.
Maksatnamanyň esasy ugry bilelikdäki amaly işdir. 5 günüň dowamynda gatnaşyjylar maliýe gözegçiligi ulgamynda Russiýanyň tejribesi bilen tanşarlar, degişli guramalara bararlar, russiýaly we halkara hünärmenler bilen duşuşarlar, şeýle hem ussatlyk sapaklaryna, leksiýalara we amaly oýunlara gatnaşarlar.
Hünär maksatnamasyna internetde maliýe derňewlerini geçirmek, jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmagyň çyzgylaryny ýüze çykarmak, maliýe aňtawynda emeli aňdan peýdalanmak we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň sanly kanallaryna garşy durmak meseleleri hem girizildi.
«Täze nesil» maksatnamasy döredilenden bäri dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan 11 müňden gowrak adam onuň gatnaşyjysy boldy. Bu ýyl ýaş hünärmenler taslamalaryň üstünde işlemek üçin dört sany halkara topara bölünerler.