Çarşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan, Türkiýe we BAE-niň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 633 200,00 manada we 44 590 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.