Turkmenportal logo
20.08.2026
1085010850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamladylar

Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri bilen Abu-Dabiden (BAE) gelen welosiped klubynyň türgenleri Aşgabatda iki hepdelik bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamladylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Iki hepdäniň dowamynda geçirilen güýçli türgenleşikleriň çäklerinde iki ýurduň türgenleri dürli çylşyrymlylykdaky ýollarda ýüzlerçe kilometr aralygy geçip, öňde boljak halkara ýaryşlarynyň öňüsyrasynda beden taýýarlygyny we toparlaýyn taktikasyny kämilleşdirdiler. Türgenleşik işleri Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap «Welotrek» sport toplumynda, şeýle hem Köpetdagyň etekgindäki şosse ýollarynda geçirildi.

Türgenleşiklerden başga-da, ýygnanyşyga gatnaşyjylar üçin giňişleýin okuw maksatnamasy guraldy. Onuň çäklerinde welotrekde ýöriteleşdirilen sapaklar, okuw-usulyýet maslahatlary we lukmançylyk barlaglary geçirildi. Bu türgenlere ýoluň çylşyrymly böleklerinden geçmegiň taktikasyny jikme-jik kämilleşdirmäge we taýýarlyk tapgyrynyň dowamynda amatly beden ýagdaýyny saklamaga mümkinçilik berdi.

Guramaçylaryň bellemegine görä, türkmen welosipedçileri ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezip, BAE-niň türgenlerinden ussatlyk babatda kem galmadylar we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen deň derejede aralyklary ynamly geçdiler.

Ýygnanyşygyň netijelerini BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli teswirledi. Onuň sözlerine görä, welosiped sporty iki ýurduň arasynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi bolup hyzmat edýär. Bilelikdäki taslamalar türgenleriň diňe bir hünär taýdan ösmegine däl-de, eýsem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem ýardam berýär. Ilçi şeýle ýygnanyşyklary her ýyl geçirmek boýunça däbi ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilmegine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, geljekki meýilnamalaryň hatarynda bilelikdäki welosiped marafonlaryny geçirmek, iki ýurduň tälimçiler düzümleriniň arasynda tejribe alyşmak we ýaş türgenleri goldamak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek bar.

Ýygnanyşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary Taýlanda ugrar. Milli ýygyndymyz ol ýerde 28–30-njy awgust aralygynda welotrek boýunça Aziýanyň kubogynyň ýaryşyna gatnaşar. Möwsümiň milli ýygyndymyz üçin esasy ýaryşy bolsa 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlary bolar.