Turkmenportal logo
19.08.2026
1288312883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gadymy Köneürgenje demir ýol arkaly syýahat guralar

Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti bilen gyzyklanýanlar üçin gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine syýahat etmek mümkinçiligi döredilýär. 28–30-njy awgust aralygynda otly bilen ýurduň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen iň möhüm taryhy-medeni we binagärlik toplumlarynyň birine gezelenç guralar.

Syýahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly guraýar. Neşir içerki syýahatçylyk ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen, ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, žurnal gezelenç maksatnamalarynyň geografiki çägini mundan beýläk-de giňeldýär.

Gadymy Köneürgenjiň ýadygärliklerine guralýan syýahatlardan başga-da, žurnal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna we taryhy ýadygärliklere gyzyklanýanlar, şeýle hem işjeň dynç alşy halaýanlar üçin özüne çekiji beýleki ugurlara gezelençleri guraýar. Syýahatçylaryň amatlylygy üçin otly we awtoulag bilen gatnawlar göz öňünde tutulýar.

Gurnaýjylaryň habar bermegine görä, Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine guraljak syýahata gatnaşmak isleýänler goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilerler: 44 01 40, +993 56 16376, +993 62 503650, +993 63 276674.