Turkmenportal logo
19.08.2026
1113711137
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda media hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Dohada Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kataryň Media korporasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen diplomaty ýurduň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berip, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesine aýratyn üns berdi.

Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň we oňyn Bitaraplyk diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi.