Mary şäheriniň köpugurly welaýat hassahanasynyň trawmatolog ortoped lukmanlary Minsk şäherindäki Trawmatologiýa we ortopediýa respublikan ylmy-amaly merkeziniň Bilim beriş merkezinde (RNPS trawmatologiýa we ortopediýa) «Bud çanak bütinleýin protezleýiş» maksatnamasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny geçdiler. Bu barada belarus lukmançylyk edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmen hünärmenleriniň okuwy RNPS-nyň 1-nji ortopediýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Timofeý Talakonyň hem-de şu bölümiň trawmatolog ortopedi, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Andreý Woronowiçiň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy.
Hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça jemleýji duşuşykda bellenilen nusdaky şadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Resminamalary hünär derejesini ýokarlandyryşy geçenlere Trawmatologiýa we ortopediýa respublikan ylmy-amaly merkeziniň guramaçylyk-usulyýet işleri boýunça direktorynyň orunbasary, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent Kirill Kriworot gowşurdy.