«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabatdan Stambula amala aşyrylýan uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar. Awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky uçuşlaryň tertibine görä, çarşenbe güni goşmaça gatnaw ýola goýlar.
Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar hepdäniň alty güni — duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar. Şunda duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde awiakompaniýa iki gatnawdan ýerine ýetirýär. 25-nji oktýabrdan uçuşlaryň tertibine çarşenbe güni hem bir gatnaw goşular. Şeýlelikde, Aşgabat–Stambul ugry boýunça uçuşlar indi her gün amala aşyrylar.
Mundan başga-da, gatnawlaryň köpüsiniň Aşgabatdan uçýan wagty üýtgediler. Hususan-da, T5-921 gatnawy 18:20-de däl-de, 19:10-da, T5-901 gatnawy bolsa 05:50-de däl-de, 07:30-da ugraýar. Şeýle hem anna günleri irden amala aşyrylýan gatnaw has irki wagta geçirilip, ol sagat 04:35-den 03:40-a üýtgediler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä, Pekine, Bangkoga, Ho Şi Min şäherine, Kuala-Lumpura, Seula, Londona, Frankfurta, Milana we Kazana göni gatnawlary hem amala aşyrýar.