Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary nebitgaz pudagy üçin iki täze çözgüdi işläp taýýarladylar we patentleşdirdiler. Olar topraklary nebit önümlerinden arassalamagyň biologik usuly hem-de gaz arassalamagyň galyndylarynyň esasynda döredilen gurluşyk materialy diýlip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.
Birinji çözgüt nebit önümleri bilen hapalanan topraklary düýpli arassalamak hem-de dikeltmek boýunça usul bolup, ol agyr uglewodorodlary tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşmagy şertlerinde parçalamaga ukyply ýerli destruktor-mikroorganizmleriň ýörite ştammlaryny bölüp almaga hem-de ösdürip ýetişdirmäge esaslanýar. Bu biologik usulyň ulanylmagy nebitgaz toplumynyň desgalarynda tehnogen hapalanmalaryň netijelerini aradan aýyrmakda gymmat bahaly hem-de ekologik taýdan howpsuz bolmadyk himiki reagentleriň ýerini tutmaga mümkinçilik berýär.
Ikinji çözgüt organomineral kükürt-polimerbetonyň resepturasyna alnan patentdir. Bu material nebitgaz känlerinde tebigy gazy arassalamak wagtynda galyndy hökmünde galýan artykmaç tehniki kükürtden peýdalanmak arkaly döredildi. Bu importyň ornuny tutýan önümçiligiň mysalydyr. Material ýokary berkligi hem-de dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu material agressiw himiki gurşawlara hem-de çyglylyga durnuklydyr.
Kükürt-polimerbetonyň ulanylmagy gidrotehniki gurluşykda, suwaryş kanallaryny, şor suwlary akdyryjy ulgamlary hem-de port desgalaryny gurmakda mümkinçilikleri açýar.