Hazar deňzi asyrlaryň dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň halklarynyň we medeniýetleriniň özara baglanyşýan giňişligi bolup geldi. Häzirki wagtda onuň kenarlaryny bäş döwlet — Russiýa, Eýran, Gazagystan, Türkmenistan we Azerbaýjan paýlaşýar. Olaryň her birinde deňiz kenarynda dynç almak üçin özboluşly şypahana infrastruktura döredildi.
Türkmenistanda ýurduň esasy syýahatçylyk merkezi hökmünde Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boldy. Bu ýerde döwrebap myhmanhanalar we şypahanalar gurlup, akwaparklar hereket edýär. Abadanlaşdyrylan çägesöw kenarlaryň uzynlygy takmynan 25 kilometre ýetýär. Bu taslama Türkmenistanyň Hazar kenarynyň özboluşly nyşany hökmünde ösdürilýär we şol bir wagtyň özünde hem ol halkara syýahatçylary çekmäge gönükdirilendir.

Gazagystanda dynç alýanlary Aktau şäheri kabul edýär. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalar, abadanlaşdyrylan suwa düşülýän ýerler we deňiz kenaryndaky güýmenje toplumlary bar. Ýene bir meşhur ugur — Žanaözen şäheriniň günortasynda ýerleşýän Kenderli şypahana zolagydyr. Ol çägesöw kenarlary we maýyl howasy bilen tapawutlanýar hem-de tomusky dynç alyş üçin amatly şertleri döredýär.
Russiýada Hazar deňziniň kenaryndaky şypahana durmuşy esasan Dagystanda jemlenendir. Bu ýerde Mahaçkalada, Kaspiýskde we Derbentde, şeýle hem kenarýaka dynç alyş merkezlerinde syýahatçylyk zolaklary ösdürilendir. Ýene bir ugur — Astrahan oblasty. Bu ýerde syýahatçylary kenardaky dynç alyşyndan has köp ekologiýa syýahatçylygy, ýagny balyk tutmak we tebigaty hem-de suw dünýäsiniň baý dürlüligi bilen meşhur Wolga derýasynyň deltasyndaky dynç alyş merkezleri özüne çekýär.

Azerbaýjan Abşeron ýarymadasynda we Baku şäheriniň töwereklerinde dynç almak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ýerde Bigäh, Nardaran we Şuwelan suwa düşülýän kenarlary has meşhurdyr. Paýtagt sebitinden başga-da, ýurduň günortasynda, Lenkoran şäheriniň töwereklerinde hem şypahana toplumlary işleýär. Bu sebitde deňiz kenary bilen Talyş daglarynyň etekleri özboluşly sazlaşyk döredýär.
Eýranda Hazar deňziniň şypahana zolagy ýurduň demirgazygyndaky Mazenderan we Gilan welaýatlaryny öz içine alýar. Mazenderanda syýahatçylary Ramsar we Nuşehr şäherleri, Gilanda bolsa port şäheri Enzeli kabul edýär. Bu sebitler ýaşyl tebigaty we ýumşak howasy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olar diňe bir suwa düşülýän kenardaky dynç alyşy üçin däl-de, eýsem ekologiýa syýahatçylygy üçin hem özüne çekijidir.

Şeýlelikde, bäş Hazarýaka ýurduň her biri deňiz kenaryndaky syýahatçylygy ösdürmegiň özboluşly nusgasyny kemala getirýär. Olaryň arasynda giň gerimli, myhmanhana infrastrukturasyna eýe bolan şypahana zolaklary bilen bir hatarda ekologiýa we balykçylyk syýahatçylygyna ýöriteleşen ugurlar hem bar. Bu dürlülik Hazar sebitini bäş ýurduň ýaşaýjylary hem-de beýleki ýurtlardan gelýän syýahatçylar üçin dynç alşyň dürli görnüşlerini saýlamaga mümkinçilik berýän özboluşly giňişlige öwürýär.