Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar.
Iki döwletiň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy boýunça hem pikir alşyldy.
Diplomatlar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirildi diýlip, habarda bellenilýär.