Turkmenportal logo
Şu gün 13:04
19501950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşarwat kerwensaraýy — Türkmenistanyň çägindäki entek doly öwrenilmedik gadymy ýadygärlik

Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandan geçen şahasy gadymy döwürlerde Gündogardan Günbatara barýan söwda kerwenleriniň möhüm çatrygy bolupdyr. Düýe kerwenleri Garagum çölüni, Murgap we Amyderýa jülgelerini kesip geçip, ýurduň çar künjegindäki şäherleri we obalary birleşdiripdir. Kerwençileriň we syýahatçylaryň gatnan ýollarynyň ugrunda baý şäherler we kerwensaraýlar gurlupdyr.

Şol ýoluň ugrunda ýerleşen, ähmiýeti entek doly öwrenilmedik gadymy medeni merkezleriň biri hem Balkanabat şäherinden takmynan 20 kilometr uzaklykda, Balkan daglarynyň jülgeleriniň birinde ýerleşýän Daşarwat kerwensaraýydyr. Häzire çenli onuň harabaçylygy barada köp sanly rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Çaklamalara görä, öz döwründe bu kerwensaraý söwdagärler we syýahatçylar üçin möhüm düşelgeleriň biri bolupdyr.

Sebitde şeýle kerwensaraýlar örän seýrek duş gelýär. Olar adaty bişirilen kerpiçden däl-de, dag daşlaryndan gurlup, daşky ýüzi ganç (alebastr) palçygy bilen örtülipdir. Kerwensaraýyň gapdal diwarlary daşlaryň ýüzüne oýulyp çekilen dürli şekiller bilen bezelipdir. Olaryň arasynda öň näbelli bolan jandarlaryň, ösümlikleriň we gülleriň şekilleri aýratyn ünsi çekýär.

Bu ýerde kerwensaraýyň ady bilen atdaş çeşme hem bar. Onuň suwy minerallara baý bolup, bejeriş häsiýetine eýe diýlip hasaplanýar. Bu suwuň aşgazan, böwrek we bagyr kesellerine peýdalydygy aýdylýar. Käbir çaklamalara görä, Daşarwat Balkan daglaryndan geçýän kerwenleriň we syýahatçylaryň dynç almagy üçin gurlupdyr. Bu ýerde süýji suwly çeşmäniň bolandygy sebäpli kerwençiler düşläp, jandarlaryna suw berip, meşiklerini çeşme suwy bilen doldurypdyrlar. Soňra bolsa Hazar deňziniň kenary bilen günorta tarap ýollaryny dowam etdiripdirler.

Käbir maglumatlar Daşarwadyň V asyrdan başlap gadymy hristiançylyk taglymatynyň tarapdarlary bolan nestorianlaryň ybadathanasy bolandygyny görkezýär. Merkezi Aziýada yslam dini berk ornaşandan soň, ybadathana öz işini bes edipdir. Emma onuň Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň biriniň ugrunda ýerleşmegi tiz wagtdan weýran bolmagynyň öňüni alypdyr. Şondan soň Daşarwat kerwensaraý hökmünde ulanylypdyr.

Başga bir resmi maglumatlara görä, kerwensaraý Hazar deňzinden Hindi ummanyna çenli uzap gidýän ägirt uly imperiýany döreden Horezm döwletiniň hökümdary Ala ad-Din Muhammet II-niň öz serişdeleriniň hasabyna söwda kerwenlerini garakçylardan goramak maksady bilen gurlupdyr.

Daşarwat barada ilkinji ýazmaça maglumatlar XIX asyra degişlidir. Onda 1871–1872-nji ýyllarda kerwensaraýyň golaýynda göçüp-gonup ýören taýpalaryň ýaşandygy aýdylýar.

Ýaşulular bu ýeriň öň «Ýüz agaç» we «Müň agaç» diýlip atlandyrylandygyny ýatlaýarlar. 1880–1885-nji ýyllarda Krasnowodsk–Aşgabat demir ýoly gurlan mahaly Daşarwat kerwensaraýynyň garagaçlary demir ýol şpalynyň taýýarlanylmagy we otlylar üçin odun hökmünde peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda şol döwürde çapylan agaçlaryň düýplerini görmek bolýar. Soňra bu ýer demir ýol işgärleriniň dynç alýan ýerine, tomusky döwürde bolsa çagalaryň dynç alyş merkezine öwrülipdir.

Bu ýerde ýolagçylaryň dynç almagy üçin kiçeňräk meýdança hem gurlupdyr. Käriz we Oglanly obalaryna tarap barýan sürüjiler hem-de işçiler bu ýerde biraz wagt saklanyp, dynç alýarlar. Olar çeşmäniň suwundan gaplaryny dolduryp, soňra ýollaryny dowam etdirýärler.