Turkmenportal logo
Şu gün 13:41
71327132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda haýwanlary ýurda getirmegi we ýurtdan alyp gitmegi düzgünleşdirýän resminama tassyklanyldy

Türkmenistanda Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini, olaryň böleklerini we ondan öndürilen önümlerini, şol sanda seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň derejesine degişli edilen görnüşlerini getirmegiň we äkitmegiň tertibi tassyklandy. Degişli tertip Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 140-Ö belgili buýrugy esasynda tassyklanyldy. Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda çap edildi.  

Resminamada bellenilişine görä, haýwanlary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäginden daşyna alyp gitmegiň maksady şulardan ybaratdyr: 

1) ylmy-barlag işlerini geçirmek;

2) halkara sergilerine, ýarmarkalaryna gatnaşmak;

3) haýwanat baglarynyň arasynda (şol sanda seýrek görnüşler boýunça) alyş-çalyş etmek;

4) şahsy maksatlar (öýde saklamak). 

Şol bir wagtyň özüne haýwanlar Türkmenistana getirilende we onuň çäginden daşyna alyp gidilende ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan weterinariýa-sanitariýa howpsuzlygy, düzgünleri, kadalary, gigiýena ölçegleri berjaý edilmelidir. 

Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini, olaryň böleklerini we ondan öndürilen önümlerini, şol sanda seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň derejesine degişli edilen görnüşlerini getirmegiň we äkitmegiň tertibi bilen dolulygyna şu salgyda tanşyp bilersiňiz.