Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly 2026-njy ýylyň 19-20-nji awgusty aralygynda otly arkaly gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine gezelenç saparyny guraýar.
Bu sapar neşiriň ýurduň içki syýahatçylygy wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň çäginde guralýar. Žurnal gadymy Merwiň ýadygärliklerinden başga-da, aýratynlykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen desgalara, şeýle hem Köýtendag daglaryna we beýleki syýahatçylyk ugurlaryna gezelençleri hödürleýär.
Syýahata gatnaşyjylar myhmanhana we ulag hyzmaty bilen üpjün edilýär. Gadymy Merwiň ýadygärliklerine syýahat etmek üçin guramaçylar otly arkaly gitmegi göz öňünde tutdular.
Goşmaça maglumat almak we syýahata ýazylmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44 01 40, +99365 561637, +99363 276674.