Turkmenportal logo
Şu gün 11:34
39693969
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 22-nji awgustdan ýylylyk ulgamlaryna suw göýberiler

«Aşgabatýylylyk» tresti Türkmenistanyň paýtagtynyň ýylylyk ulgamlarynda gidrawliki synaglaryň geçiriljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 22-nji awgustyndan başlap ýylylyk üpjünçilik ulgamlaryna suw berler.

Gidrawliki synaglar ýyladyş möwsümi başlanmazdan öň turbageçirijileriň berkligini we jebisligini barlamak üçin geçirilýär. Bu işler ýylylyk ulgamlarynda bolup biläýjek zeperleri we suw syzmalaryny öňünden ýüze çykarmaga, şeýlelikde gyş möwsüminde bu ulgamlarda bozulma ýagdaýlarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär.

Trest Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we guramalaryny geçiriljek işleri göz öňünde tutmaga hem-de şu döwürde ýüze çykyp biljek wagtlaýyn oňaýsyzlyklara düşünişmek bilen garamaga çagyrýar.