Turkmenportal logo
Şu gün 10:48
25012501
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýanyň Konstitusion geňeşi 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyna girizilen gadagançylygy ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion geňeşi 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny gadagan edýän kanunyň Konstitusiýa laýyk gelmeýändigini ykrar etdi. Degişli karar ýurduň parlamentiniň iýul aýynda kabul eden başlangyjyny ýatyrýar. Prezident Emmanuel Makron bolsa bu düzgüni eýýäm sentýabr aýyndan başlap güýje girizmegi meýilleşdirýärdi.

Geňeşiň bellemegine görä, bu gadagançylyk kämillik ýaşyna ýetmedikleriň pikirlerini beýan etmek we aragatnaşyk etmek azatlyklaryny aşa çäklendirýär. Mundan başga-da, şeýle çäre «laýyk, zerur we deň ölçegli» hasaplanmaýar.

BBC agentliginiň AFP agentligine salgylanyp habar bermegine görä, karar çap edilenden soň Ýeliseý köşgüniň metbugat gullugy Makronyň premýer-ministr Sebastýen Lekornýudan gysga wagtda täze, «hukuk taýdan has ygtybarly» kanun taslamasyny taýýarlamagy tabşyrandygyny habar berdi.

Ýatyrylan kanuna görä, sentýabr aýyndan başlap sosial ulgamlarda täze hasap açýan ulanyjylar öz ýaşlaryny tassyklamalydy. 2027-nji ýylyň ýanwaryndan bolsa 15 ýaşa ýetmedik adamlaryň sosial ulgamlara girmegini doly gadagan etmek meýilleşdirilýärdi.