13-nji awgustda Aşgabatda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň diplomatik işiniň tamamlanmagy mynasybetli hoşlaşyk kabul edişligi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ilçihananyň hyzmatdaşlary we dostlary gatnaşdy.
Ýygnananlaryň öňünde çykyş eden ilçi Türkmenistandaky diplomatik işiniň bütin dowamynda görkezilen myhmansöýerlik we goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki halkyň umumy taryhyna, dil we medeni taýdan ýakynlygyna esaslanýandygyny belläp, Aşgabatda işlän ýyllarynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýet, medeniýet we bilim ulgamlarynda has-da pugtalandyrylandygyny nygtady.
Demirok Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goldaw berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa we ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärlerine hem özüniň diplomatik işiniň bütin dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edendikleri üçin aýratyn hoşallygyny beýan etdi.
Ilçi Türkiýäniň ilçihanasynyň işgärlerine, şeýle hem Türkmenistandaky türk işewürler jemgyýetine minnetdarlyk bildirip, türk kompaniýalarynyň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny aýratyn belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Demirok iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de saklanjakdygyna we ösdüriljekdigine umyt bildirdi.