Turkmenportal logo
Şu gün 09:55
17631763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň günbatar sebitindäki halyçylar äpet haly dokaýarlar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi içerki, daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. 

2026-njy ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça-da kärhanada 1677 inedördül metrden gowrak dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokalyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da hasabat döwründe öndürilen önümleriň maliýe hasabyndaky möçberem ýokary boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Şu günlerde halyçylyk kärhanasynda ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna sowgat edilip, guşly gölli äpet haly dokalýar. Bu äpet halynyň düşegi ak, ini 23 metr, boýy 12 metr bolup, umumy meýdany 276 inedördül metrden ybaratdyr. Şeýle-de äpet halyny jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar.

Äpet halyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap, bellenilen möhletde ýokary önümçilik talaplaryna laýyklykda tabşyrmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär. 


Türkmenistanyň günbatar sebitindäki halyçylar äpet haly dokaýarlar | Turkmenportal.com