Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
46164616
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda «akylly» guýularyň tehnologiýasy ulanylýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda uglewodorod serişdelerinden rejeli peýdalanmak maksady bilen, dünýä tejribesinde synagdan geçen öňdebaryjy çözgütler üstünlikli ornaşdyrylýar. Şeýle innowasiýalaryň biri ýataklary özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «akylly» guýular tehnologiýasydyr. Bu barada «Türkmennebitgaz» döwlet konserniniň saýtynda «Nebit-gaz» gazetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berilýär.

Bu tehnologiýanyň esasy maksady gymmat düşýän we töwekgelçilikli geofiziki barlaglary ýa-da çylşyrymly guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmezden, gatlagyň temperaturasyna we basyşyna üznüksiz gözegçilik etmek, şeýle hem akymy uzak aralykdan dolandyrmakdan ybaratdyr.

Elektron enjamlary ulanmazdan çuňluk ölçegleriniň geçirilmegi enjamlaryň 10 ýyldan gowrak wagtlap bökdençsiz işlemegini kepillendirýär.

«Akylly» guýular tehnologiýasy suw alan aralyklary öz wagtynda ýüze çykarmaga, şeýlelikde gidratlaryň emele gelmeginiň we guýularyň öz-özünden gysylmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu tehnologiýa gaz çykarylyşynyň ahyrky çykaryş koeffisiýentini ep-esli ýokarlandyryp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga uly goşant goşýar.