Turkmenportal logo
Düýn 23:29
63426342
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandaky ÝB-niň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem halkara we sebitleýin gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde yzygiderli syýasy gepleşikleriň hem-de netijeli özara tagallalaryň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekosistemasyny aýawly saklamak boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.