Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologiýa hyzmatdaşlygy we özara ynsanperwerlik gatnaşyklary bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şeýle-de Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garadylar.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we Hazar sebitiniň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda özara hyzmatdaşlygyň wajyplygyny nygtadylar.