Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda migrasiýa amallaryny dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Hazar sebitiniň ekologiýa amallary hem-de durnukly ösüş ýörelgelerini göz öňünde tutmagyň wajyplygy bellenilip geçildi.