Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň günbatar sebitinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.