Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn» diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlag hatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk we Ermenistanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.