Turkmenportal logo
Şu gün 10:04
51525152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halk milli senenamasyna laýyklykda «Ýaldyrak» döwri başlandy

Türkmen halkynyň milli senenamasyna laýyklykda «Uly köpek ýyldyzlar» toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan «Ýaldyragy» 12-nji awgustdan başlap kim görmek islese, Günüň dogýan tarapynda asman giňişliginde jahan ýagtylmanka görüp biler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly: ««Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar». «Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz», «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýen ýaly pähimlerde yssy tomsuň jöwzaly günleriniň yzysüre «Ýaldyragyň» dogmagy bilen, salkyn howanyň aralaşýandygy, agşam ýere çyg düşüp, ösümlikleriň ýapraklarynyň terlenýändigi, gündiz howa az-kem gyzsa-da, dessine öz ornuny salkyn howa berýändigi aýdylýar.

Oňa beýleki ýyldyzlardan has ýagtydygy üçin «Ýaldyrak» diýlip at berlipdir. «Ýaldyrak» sentýabr aýynyň 22-sine çenli özüniň ýerini üýtgetmän, şöhle saçyp durýar. 23-nji sentýabrda bolsa ol öz ornuny «Mizan» ýyldyzlar toparyna berýär. «Mizan» arap dilinde «terezi» diýen manyny berýär. Sebäbi hut şu döwürde gije bilen gündiz deňleşýär. 23-nji sentýabrdan gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Şeýlelikde, yssy günler yzda galyp, güýz pasly öz hökümini ýöredip başlaýar. Mizana çenli dowam eden «Ýaldyrak» döwrüniň yssy günleri gowaça körekleriniň pagta süýümlerini emele getirýän döwrüne gabat gelýär. Eger yssy günler gowşagrak bolsa-da «Mizana» çenli dowam etse, onda pagta süýüminiň hili gowy bolýar».