Turkmenportal logo
Şu gün 16:33
45534553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem pikir alşyp, köptaraplaýyn meýdançalarda konstruktiw hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça yzygiderli gatnaşyklary we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara taýýarlyk bildirildi.