Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Döwletgeldi Myradow Moskwanyň «Lužniki» sport toplumynda geçirilen «Söweş sungatlarynyň sport festiwalynyň» çäklerindäki «PWL Junior» ýaryşynda ýeňiş gazandy.
92 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Myradow Demirgazyk Osetiýa wekilçilik edýän russiýaly pälwan Roland Puhaýew bilen duşuşdy. Göreş 4:1 hasabynda türkmen türgeniň peýdasyna tamamlandy.
Myradow 2026-njy ýylda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň ýeňijisidir. Onuň garşydaşy Puhaýew bolsa 2024-nji ýylda 17 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir.
«Lužniki» sport toplumynda geçirilen «Söweş sungatlarynyň sport festiwaly» ilkinji gezek guraldy. Festiwalyň maksatnamasyna göreş, karate we başa-baş söweşi boýunça ýaryşlar hem-de görkezme çykyşlary girizildi.