Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan topary dörediler. Degişli teklip düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.