Türkmenistanda owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Munuň özi bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy bolup durýar.