Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň “Arkadagyň ak ýoly” bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşyk işleriniň jemleýji tapgyra gadam basmagy mynasybetli owgan tarapynyň wekilleri bilen resmi gepleşikleri geçirdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň 123 kilometrlik bölegi çekildi, ýene 30 kilometrden gowragynyň bolsa gurluşygy dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen çykyşlarda bellenilýär.
«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurnama müdirliginiň başlygy Şatlyk Myradowyň bellemegine görä, gurluşygy tamamlanan bölekleriniň synag işleri-de ünsden düşürilmän, suw goýbermek arkaly seljerilýär. Türkmen mawy ýangyjyny Hyrat ýaly gadymy şähere ýetirmek ugrunda 120-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.
Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy goňşy ýurda ulag-aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegi, durmuş-üpjünçilik şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly ajaýyplyklaryň toplumyny, agramly maýa goýumlary hem eltýär.