Turkmenportal logo
Şu gün 10:34
22442244
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Hirosimada we Nagasakide wepat bolanlary hatyralady

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 6-njy awgustynda Hiroşimada we 9-njy awgustynda Nagasakide bu şäherleriň atom bombalanmagynyň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy.

Bu çärelere Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň Ýokarky palatasynyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärelerde edilen çykyşlarda ýapon tarapy ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna ýol bermezligiň hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak babatda halkara tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Ýokarda görkezilen çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi A.Baýramow bu ýapon şäherleriniň bombalanmagy netijesinde wepat bolanlaryň ýadygärliklerine gül goýdy we hatyrasyny hormatlady.

Mundan başga-da, saparynyň çäklerinde ilçi A.Baýramow Hirosima we Nagasaki şäherleriniň we prefekturalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Ilçi ýapon tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada habarly etdi.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň kabul edilmeginiň ýurduň halkara hukugyny pugtalandyrmaga ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.