Turkmenportal logo
Düýn 23:38
70217021
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda TOPH taslamasy boýunça gepleşik geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadag doganlyk ýurduň ýaş nesliň wekillerine özüniň ajaýyp sowgatlaryny gowşurdy hem-de olaryň haýyşlary boýunça bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Abdul Gani Baradary türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekledi. Özara söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýandygy bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine üns çekildi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Onda sebitde örän uly ähmiýete eýe bolan TOPH gaz, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň gurluşygynyň barşy barada aýdyldy hem-de ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna seredildi. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra «Arkadagyň ak ýoly» bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisi boýunça taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde bu günki waka mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar. Toý sadakasyndan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine ugrady.

Gahryman Arkadag Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Birnäçe wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.