Şu günler zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, Awazada sport çärelerine gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri säher bilen deňziň kenarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Soňra olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdylar, şeýle hem özara toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlary guradylar.
Bu ýerde döredilen dynç alyş hem-de şypahana düzümleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, saglygyňy berkitmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýolbaşçy düzümleriň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir.