Turkmenportal logo
Şu gün 11:00
45204520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi ABŞ bilen möhüm minerallar we sanlylaşdyrma meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

7-nji awgustda Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda işewürlik, möhüm minerallar, emeli aň we sanlylaşdyrma ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar öňde boljak ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki duşuşyklar, şeýle-de umumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy we amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ bilen möhüm minerallar we sanlylaşdyrma meselelerini ara alyp maslahatlaşdy | Turkmenportal.com