Turkmenportal logo
Şu gün 09:39
42034203
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy elektron nobat ulgamyna geçýändigini yglan etdi

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi saýtynda çap eden habarynda wizany resmileşdirmek, hukuk bozulmalary barada güwänama almak hem-de resminamalary kanunlaşdyrmak meseleleri boýunça raýatlary kabul etmek üçin elektron nobat ulgamyna geçýändigini mälim etdi.

Elektron nobat ulgamy arkaly kabul edişlige ýazylmak 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlanar.

Elektron nobata ýazylmak üçin ilçihananyň resmi saýtynyň baş sahypasyndaky degişli salgydan peýdalanmaly.

Şu ýylyň 31-nji awgustyny hem goşmak bilen, öňki tertip saklanyp galýar. Şol senä çenli kabul edişlige +993 12 48 29 27 telefon belgisi arkaly duşenbe gününden anna gününe çenli, sagat 11:00-dan 13:00-a çenli ýazylyp bolýar.