Turkmenportal logo
Şu gün 11:24
35553555
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Akhal-Téké France» assosiasiýasyny atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy

2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi M.Çaryýew «Akhal-Téké France» ahalteke atlary assosiasiýasynyň prezidenti Nikola Menýu hem-de assosiasiýanyň wise-prezidenti Eluiz Žirardi bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ilçisi çärä görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berip, «Akhal-Téké France» assosiasiýasynyň ýolbaşçylaryny we agzalaryny ýetip gelýän çempionata işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Assosiasiýanyň wekilleri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Fransiýadaky ahalteke atlarynyň eýeleriniň ýaryşlara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şeýle hem häzirki wagtda Fransiýada takmynan 300 sany ahalteke atynyň bardygy bellenildi.