Turkmenportal logo
Düýn 22:57
69846984
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu giň möçberli çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar. Maslahatda O.Atabaýewa ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmagyň milletiň geljegine maýa goýmakdygyny belledi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasiýon wideoşekiller görkezildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalary bilen dowam etdi. Şeýlelikde, bu maslahat Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.