Turkmenportal logo
Şu gün 14:19
30693069
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Özbegistanyň diplomatlary Minskde duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Özbegistan Respublikasynyň Minskdäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nuriddin Mamajonow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň saýtynda berilýän habara görä, diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem GDA-nyň köptaraplaýyn meýdançalaryndaky bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.

Özbek diplomaty Daşkendiň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny we köpugurly gepleşikleri giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.